Türkmenistanyň ýene-de üç sany kärhanasyna Russiýa pomidor getirmäge rugsat edildi

Türkmenistanyň ýene-de üç sany kärhanasyna Russiýa pomidor getirmäge rugsat edildi

19-njy ýanwarda “Rosselhoznadzor” ýene-de üç sany türkmen kärhanasyna“ Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň ösümlik karantini döwlet gullugynyň we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kepilleri boýunça ” Russiýa pomidor getirmäge rugsat edildi diýip edaranyň saýtynda habar berilýär.

“Bu karar türkmen tarapynyň hödürlän Türkmenistanyň çäginde pomidor ösdürip ýetişdirýän kärhanalara fitosanitar gözegçiliginiň netijelerinden soň kabul edildi” diýlip nygtalýar.

10-njy dekabrda “Rosselhoznadzor” 88 sany türkmen kärhanasyna Russiýa pomidor we burç getirmäge rugsat beripdi.

Aşgabatdan, Mary, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan Russiýa pomidor we burç getirmäge gadaganlyk haçanda,olaryň pomidorlaryndan goňur-gyrmyzy wirus tapylandan soňra, 2021-nji ýylyň aprelinde girizilipdi.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistandan getirilen pomidorlardan dürli parazitleriň tapylandygy barada birnäçe maglumat berilipdi .The post Türkmenistanyň ýene-de üç sany kärhanasyna Russiýa pomidor getirmäge rugsat edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistandan pomidor we burç import etmegi tassyklaýar
Türkmenistanyň raýatlary öz mümkinçilikleri bilen Ukraýinany terk etmäge çalyşýarlar, resmi KHS-ler Ukraýina barada dymmagyny dowam edýär
Türkmen gök-önüm öndürijileri Russiýa eksportyny artdyryp bilerler
Mary welaýatynda käbir azyk önümleri gymmatlady
“Russiýany eklemek bize galdymy?!”: Türkmen potratçylary häkimiýetleriň eksport talabyndan nägile
Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler