Türkmen gök-önüm öndürijileri Russiýa eksportyny artdyryp bilerler

Türkmen gök-önüm öndürijileri Russiýa eksportyny artdyryp bilerler

“Rosselhoznadzor” şu ýylyň 5-nji martyndan ozal dokuz ýurtdaky gök önüm öndürijilerine girizen çäklendirmelerini aýyrdy hem-de olara önümlerini Russiýa ugratmaga rugsat berdi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistana Ermenistana, Azerbaýjana, Belarusa, Müsüre, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana gök önümleri hem çäklendirmesiz import etmäge rugsat berilýär. Mundan başga-da, indi Türkiýäniň telekeçileri pomidor, burç, kabaçok we badamjan import edip bilerler.

Ýokarda agzalan ýurtlaryň karantin we ösümlikleri goramak üçin milli guramalar tarapyndan sebitleşdirme baradaky maglumatlaryň seljermesiniň netijelerine, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň fitosanitar talaplarynyň bozulmagynyň öňüni almak üçin görülýän çärelerine esaslanyp karar berildi.

Türkmen hususy pudagynyň wekilleri şu ýylyň ýanwar aýynda 10 müň 500 tonna pomidor eksport etdiler. Bol hasyl esasan-da, Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Birleşen Arap Emirliklerine iberildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýene-de üç sany kärhanasyna Russiýa pomidor getirmäge rugsat edildi
Russiýa Türkmenistandan pomidor we burç import etmegi tassyklaýar
Türkmenistanyň raýatlary öz mümkinçilikleri bilen Ukraýinany terk etmäge çalyşýarlar, resmi KHS-ler Ukraýina barada dymmagyny dowam edýär
Mary welaýatynda käbir azyk önümleri gymmatlady
“Russiýany eklemek bize galdymy?!”: Türkmen potratçylary häkimiýetleriň eksport talabyndan nägile
Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler