Porsche “Ulaglar” multfilminiň gahrymanynyň keşbinde awtomobil çykardy

Porsche “Ulaglar” multfilminiň gahrymanynyň keşbinde awtomobil çykardy

Porsche awtomobil öndürijisi Disney bilen Pixar-yň “Ulaglar” (“Cars”) atly animasion filminiň gahrymany Salli Karreradan ruhlanan Porsche 911 Sally Special awomobilini çykardy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugyna salgylanyp, incrussia.ru habar berýär.

Bu özboluşly awtomobil 2022-nji ýylyň 20-nji awgustynda Sotheby’s auksionynda satylar. Satuwdan gazanylan girdeji bolsa iki haýyr-sahawat guramasyna berler: ýaş zenanlaryň goragy bilen meşgullanýan Girls guramasyna we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarynyň edarasyna.

Taslama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda badalga aldy we öndürijini animasion filmi dörediji topar bilen birleşdirdi. Auksionda awtomobilden başga-da, Pixar bilen hyzmatdaşlykda döredilen Porsche Design-dan sagatlar hödürlener.

Ýene degişli makalalar

Akkordeon ýaly telewizor
Volkswagen ID.4 Ýylyň bütindünýä awtomobili bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Apple elektrokarynyň üstünde işlemek üçin Audi-de, BMW-de, Porsche-de işlän inženeri işe aldy
“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
Toyota awtomobil bazarynda dünýäniň iň gymmat brendi boldy