Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri

Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri

Post Shop internet dükany diňe bir harytlaryň köp sanly görnüşlerini däl, eýsem, Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip bermek boýunça amatly şertleri hem hödürleýär. Şeýlelikde, onlaýn söwda hasaba alnanda ulanyjylar Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Öýüňizden ýa-da iş otagyňyzdan çykman, ähli zerur zatlary sargyt ediň, Türkmenpoçta bolsa satyn alan harytlaryňyzy Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip berer.

Post Shop dükanynda Türkmenistanyň raýatlary harytlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda: azyk önümlerini, hojalyk himiýa serişdelerini, kanselýariýa harytlaryny, kompýuter tehnikasy üçin enjamlary we başga-da köp zatlary tapyp bilerler.

Alyjynyň nirede ýerleşýändigine garamazdan, Türkmenpoçta Post Shop dükanyndan sargytlary gysga wagtda getirip berer: Aşgabada we onuň töwereklerine 24 sagadyň içinde, welaýatlara 3-5 günüň dowamynda.

Söwda üçin tölegleri nagt görnüşinde hem-de nagt däl görnüşinde geçirip bilersiňiz.

Post Shop dükanynyň artykmaçlyklaryndan söwda platformasynyň saýtynda, şeýle hem Google Play-de we App Store-da ýükläp almak üçin elýeterli bolan mobil programmasy arkaly peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle hem (+993 65) 72 89 52 telefon belgisi arkaly harytlary eltip bermek hyzmatyny sargyt edip bilersiňiz.

Kompaniýanyň baş ofisiniň salgysy: Aşgabat, Mäti Kösäýew köç., 16.

Ýene degişli makalalar

Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär
Türkmenpoçta çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär
Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
Post Shop onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy