Emeli gözelleriň bäsleşigi

Dünýäniň emeli aň tarapynda döredilen zenanlarynyň arasynda geçirilen ilkinji gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. “Miss AI” atly bäsleşikde birinji ýer alana 20 müň dollar pul baýragy goýuldy.

Kompýuterde döredilen zenanlaryň arasynda marokkaly “influencer” Kenza Laýli birinji boldy.Bütindünýä emeli aň döredijileri baýraklaryny (WAICA) almaga jemi 1 müň 500 model gatnaşdy.Olara hakykata ýakynlygyna we tehniki aýratynlyklaryna görä baha berildi. “The Post” neşirine “interwýu beren” Laýli adamlar ýaly duýgulary duýmaýan hem bolsam, baýrak alandygy üçin tolgunandygyny aýtdy.

Öz blogynda yzygiderli ýazgy ýazýan Kenza Laýliniň “Instagram”-da 194 müň yzarlaýjysy bar.

Ýaryşda ikinji orna fransiýaly Lalina, üçünji ýere portugaliýaly Olivia C. mynasyp boldy.

Ýaryşy guraýjylara şeýle kategoriýada geçirilen bäsleşige gyzyklanmanyň örän ýokary bolandygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Dabara bilen açylan türkmen-özbek söwda zolagynyň türkmen tarapy ýapyklygyna galýar
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri
16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik tory gadagdan edildi
Stambulda ýüzlerçe türkmenistanly student uniwersitete 'duýdansyz' goýberilmezligine garşy çykdy
Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy