Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerine we halkyň sarp edýän köpdürli önümlerini öndürijilerine harytlaryny ýerlemek üçin işjeň meýdançadyr.

Post Shop satyjylaryň we alyjylaryň biri-birini çalt tapyp biljek ýeridir. Onda hojalyk tehnikalarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, çagalar üçin harytlaryň, şeýle hem höwesjeň balykçylar, awçylar we öý hojalykçylar üçin harytlaryň satuwy barada maglumatlar ýerleşdirilendir. Onlaýn marketiň aýry-aýry bölümlerinde gap-gaçlar we aşhana esbaplary, gurluşyk materiallary, elektron enjamlar, kosmetika we parfýumeriýa, hojalyk himiki serişdeleri we başga-da köpdürli harytlar hödürlenýär.

Post Shop söwda platformasynyň diňe bir Aşgabadyň ýaşaýjylaryna däl, eýsem, ýurduň sebitlerine-de harytlary eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirmegi türkmen öndürijileriniň önümleriniň çalt ýerlenilmegini üpjün edýär. Müşderilere harytlaryň öz wagtynda eltilip berilmegi Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň gapydan-gapa Çaparçylyk hyzmaty arkaly üpjün edilýär.

Onlaýn-markete shop.post.tm salgysy arkaly girmek mümkindir.

Post Shop söwda platformasynyň web nusgada hem, Google Play-den ýükläp alyp bolýan ykjam programma görnüşinde hem elýeterlidir.

Post Shop-yň wekilleri bilen (+993 65) 72 89 52 telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
“Türkmenpoçta” “Amazon”, “eBay”, “Wildberries” internet-söwda meýdançalaryndan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini gurnamakçy
Goole firmasynyň Gaza urşunda Ysraýyla emeli aň boýunça gizlin goldaw berendigi ýüze çykdy
Nepalda garry aýal krokodiliň hüjüminde aradan çykdy
ABŞ, 7-nji Oktýabrdan Bäri Ysraýyla 6,5 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Berdi
Emeli gözelleriň bäsleşigi
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi