PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy

PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň PostShop internet söwda meýdançasy Aşgabatda özüniň ilkinji oflaýn dükanyny açmak bilen, müşderileri üçin mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Indi PostShop müşderilerine önümi görüp we eltilmegine garaşmazdan, dessine satyn almaga şerti üpjün etdi. Bu, esasanam, satyn almasy gyssagly bolan harytlaryň söwdasy üçin oňaýlydyr.

PostShop dükany önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär: hojalyk tehnikalary, kompýuter tehnikasy üçin enjamlar, dynç alyş we syýahat üçin niýetlenen önümler.

Geljekde dükanyň assortimenti kanselýariýa we hojalyk himiýa serişdeleri bilen giňeldiler.

Täze dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., B.Annanow köçesi, 39 A jaý. Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri — sagat 9:00-dan 20:00-a çenli.

PostShop marketpleýsi harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine ibermegi üpjün edýär. Harytlar satyn alnanda nagt we nagt däl görnüşde bank karty arkaly töleg geçirip bolýar.

Mundan başga-da, ulanyjylara amatly bolmagy üçin, PostShop mobil goşundysy türkmen we rus dillerinde işlenip düzüldi. Onlaýn marketpleýs barada has giňişleýin maglumatlary (+993 65) 72 89 52 telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär
Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
Post Shop: önümleriň dürli görnüşleri we onlaýn söwda üçin amatly şertler
Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär
Türkmenpoçta çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
Post Shop onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar