Premier Ligada 34-nji ýerler ugrunda ýiti göreş

Angliýanyň çempionaty Premier Ligada çempionlygyny yglan eden Liwerpul myhmançylykda Arsenaldan 21 asgyn geldi. 20-nji minutda Mane bilen öňe saýlanan çempion topar 33-nji minutda Lakazettiň hem-de 44-nji minutda Nelsonyň gollaryna çäre tapyp bilmedi.

Bu ýeňlişden soň, Liwerpulyň, 2018-nji ýylda 100 utuk toplan Mançester Sitiniň rekordyny täzelemek mümkinçiligi galmady. Çempionatda 34-nji ýerler ugrunda ýiti göreş bolup, garşydaşlaryna garanyňda, bir ädim öňde barýan Çelsi 36-njy tapgyrda Norwiçi Oliwie Žirunyň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňdi.

Lester öz meýdançasynda Şeffild Ýunaýtedi, Mançester Ýunaýted bolsa, myhmançylykda Kristal Palasy 20 hasabynda utdy. 37-nji tapgyrda Çelsi myhmançylykda Liwerpul, Lester bolsa Tottenham bilen duşuşar. 38-nji tapgyrda-da Lester bilen Ýunaýtediň arasyndaky oýun 4-nji orundaky topary kesgitlär.

35-nji tapgyrda West Hamdan 40 asgyn gelen Norwiç Premier Liga bilen hoşlaşan ilkinji topar boldy. Bu duşuşykda West Hamyň 4 goluny hem Maýkl Antonio derwezä girizdi.

Russiýanyň çempionatynda geçen hepde-de çempionlygyny yglan eden Zenit iň aşaky orunda barýan Orenburgy 41 ýeňdi.Duşuşykda Serdar Azmun 2 gezek tapawutlandy.Bu ýeňlişden soň, Orenburg 2-nji liga düşdi.

Moskwa derbisinde-de Lokomotiw öz meýdançasynda SSKA-ny kabul edip, Alekseý Mirançugyň 2 penalti goly bilen 21 hasabynda ýeňiş gazandy.Bu ýeňişden soň, Lokomotiw çempionaty 2-nji orunda tamamlamak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Russiýada suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý ýitileşýär
Türkmenistanyň Russiýadaky raýatlary wagtyndan ozal ses berlişige gatnaşyp bilerler
Orenburgda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak mümkinçiligine seredildi
Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler
Nordwind Airlines ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar