Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýene bir gezek agrosenagaty ösdürmek meselesini gozgady.
TDH-nyň habar bermegine görä, prezident “TürkmenhimiýaŞ döwlet konserniniň işinden nägileligini bildirdi we “oba hojalygynyň mineral dökünler bilen üpjün edilmezligi sebäpli kynçylyklary başdan geçirýändigini” belledi.
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işinde goýberen kemçilikleri üçinkonserniň başlygy Nyýazly Nýazlyýewe soňky duýduryş bilen berk käýinç berildi. Belleýäris, bu Nyýazlyýewe şu ýylda berlen üçünji käýinçdir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany kaliý dökünlerini öndürmek boýunça ikinji zawodyň gurluşygyny tizleşdirmegi buýurdy we gozgalan meseleleriň ählisini gijikdirmezden çözmegi talap etdi.
Şeýle-de prezident wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine, AST-nyň ähli ýolbaşçylaryna oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriňdepginiň haýaldygyny aýtdy we, işde goýberen kemçilikleri üçin, oba we suw hojalygy ministri Öwezmyrat Esenmyradowa soňky duýduryşy bilen berk käýinç yglan etdi.
Prezident agrosenagat temasyny doam edip, “käbir regionlarda oba hojalyk işleriniň haýallaýandygyny” belledi. Hususan-da, milli oba programmasyny durmuşa geçirmekdäki gowuşgynsyzlygy we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Berdimhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewe soňky duýduryşy bilen berk käýinç yglan etdi.
Prezident sözüni jemläp, Türkmenistanyň banklaryna daýhan birleşiklerine, kärendeçilere we hususy telekeçilere, oba hojalyk tehniklaryny satyn almak üçin, ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde; maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berýän karara gol çekdi.
Ýurduň agarosenagat pudagynda bolup geçýän zatlar barada TH-nyň golaýda çap eden giňişleýin makalasyndan has doly maglumat alyp bilersiňiz.
