Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy noýabrda geçiren hökümet maslahatynda “Halk maslahatynyň çözgütlerine laýyklykda, oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň pudaga tejribeli hünärmenleriň çekilmegini talap edýändigini” belledi hem-de oba we suw hojalyk ministri Öwezmyrat Enermyradowy,”başga işe geýçändigi bilen baglylykda”, wezipesinden boşatdy.
Onuň ornuna Ahal welaýtynyň Bäherden etrabynyň häkimi bolup işlän Annageldi Ýazmyradow bellenildi.
Şeýle-de prezident Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi Soltanmyrat Babajanowy “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy. Onuň ornuna Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Serdar Meredow bellenildi.
Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bolsa, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Nazarmyrat Nazarmyradow bellenildi.
