Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň dowamynda gaz meselesi üns merkezinde bolar’

Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň dowamynda gaz meselesi üns merkezinde bolar’

25-26-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýä resmi sapary amala aşyrýar. Resmi habarlarda prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşikleriň dowamynda taraplaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak meselesiniň, galyberse-de türkmen gazynyň tranzitiniň maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Bilermenler Ankaranyň Türkmenistanyň gazyny Ýewropa ugry boýunça akdyryp başlamagy ugrunda tagalla edýändigini, emma türkmen tarapynyň bu baradaky meýilleriniň doly anyk däldigini belleýärler.

Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä sapar etjekdigi 11-nji oktýabrda, Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň Aşgabada sapar eden mahaly mälim boldy.

Resmi türkmen mediasynda sapara görülýän taýýarlyk barada maglumat berilse, türk metbugaty gepleşikleriň dowamynda türkmen gaz meselesiniň hem üns merkezinde boljakdygyny ýazýar. Türk habarlarynda türkmen gazy hususan-da “Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky energiýa tranzitindäki täze bir çeşme” diýlip häsiýetlendirilýär.

Bellesek, Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň yz ýany, Moskwa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň fonunda özüniň energetika importlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýär.

Geçen ýyl Türkiýe türkmen gazyny satyn almak mümkinçilikleri ugrunda hereket edýändigini mälim etdi. Türk resmileri munuň amala aşmagy üçin Hazar arkaly TANAP liniýasy, SWAP ylalaşygy ýa-da deňiz arkaly turba geçirijisiniň ulanylmagy ýaly alternatiwalaryň üstünde işleýändigini aýtdy.

Ýatlatsak, geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Awaza şäherçesinde Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň, şeýle-de Türkiýäniň prezidentiniň arasynda geçirilen duşuşykda Erdogan iki ýurdy birleşdirjek gaz geçirijiniň gurluşygyna, ýagny Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna Ankaranyň goldawyny hödürläpdi.

Türkmenistany, şol sanda Aşgabadyň energiýa syýasatyny ýakyndan yzarlaýan ekspert Brýus Panniýer prezident Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda gaz meselesiniň giňden maslahat ediljekdigini bellese-de, munuň bilen bagly anyk ylalaşyklaryň baglaşyljakdygyna ikuçly garaýandygyny aýtdy.

“Men ylalaşyga gelnip-gelinmejekdigini bilmeýärin.Bu bir mesele, sebäbi Türkmenistany hakykatda anyk kimiň dolandyrýandygy boýunça täsin bir ýagdaý bar.Soňky ýagdaýlardan çen tutulsa, gaz meselesi babatynda gepleşikleri [Halk maslahatynyň başlygy, prezidentiň kakasy Gurbanguly] Berdimuhamedowyň geçirýändigini görýäris.

Türkiýä onuň ogluny gitmegi gyzykly.Olar gaz meselesini giňden maslahat etseler-de, ylalaşyga gol goýuljakdygyny çaklamaýaryn.Görnüşinden, munuň amala aşyp-aşmajak baradaky soňky karary uly Berdimuhamedow berýär.

Belki-de, ol eýýäm bu karara gelendir.Muny bilmek kyn.Ol bu barada geçen aý Germaniýada hem çykyş etdi.Belki-de, häzriki sapar diňe bir formallykdyr” diýip, Panniýer 24-nji oktýabrda Azatlyga gürrüň berdi.

Ýatlatsak, sentýabryň aýagynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Hazarüsti taslamasy boýunça pozisiýasynyň üýtgewsiz galýandygyny nygtapdy.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan häzirki wagtda öz gazyny esasan Hytaý ugry boýunça eksport edýär. Türkmen hökümeti özüniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyryp bilmeýär.

Resmi maglumata görä, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2.06 milliard dollara deň bolupdyr. Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bolsa bu san 541.05 million dollara barabar bolupdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary