Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde geçiriljek duşuşyklarynda özara gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe bilen Kongo Demokrat Respublikasy, Senegal we Gwineýa-Bisau ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan Senegalyň paýtagty Dakar şäherine gurjak saparynda, türk kärhanalaryň biri tarapyndan gurulan 50 müň adamlyk Dakar Olimpiýa stadionynyň açylyş dabarasyna, Senegalyň Prezidenti Maki Sall we ýurda çagyrylan beýleki ýurtlaryň Döwlet baştutanlary bilen bilelikde gatnaşar.

Erdoganyň şol çäkde beýleki ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk gepleşikler geçirmegine garaşylýar.

Saparyň çäginde Türkiýäniň Dakar şäherindäki ilçihanasynyň täze binasynyň resmi açylyşy hem Prezident Erdogan tarapyndan ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Prezident Erdoganyň Kongo Demokrat Respublikasy, Senegal we Gwineýa-Bisau döwletlerine gurajak saparynyň ikitaraplaýyn söwda mukdarlarynyň kesgitlenen çäkde artmagyna we türk işewür adamlaryň goýjak maýa goýumlarynyň artmagy taýdan giň netijeli bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Faworitler ýeňiş bilen başlady
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Türk Taekwondoçylary 3 Medal Aldy
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi