Prezident Erdogan Alžiriň prezidenti Tebbun bilen söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Alžiriň prezidenti Tebbun bilen söhbetdeş boldy

Türkiye Respublikasynyň Prezideniniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabynda berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Alžiriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we global wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Alžiriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, esasan hem söwda, energiýa we goranmak senagaty ýaly ugurlarda has-da ösdürmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy we Türkiyäniň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin tagallalaryny artdyrmaga dowam etjekdigini beýan etdi.

Prezident Erdogan şeýle hem Alžiriň Prezidenti Tebbuny we doganlyk Alžiriň halkyny Gurban baýramy bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “Ysraýylyň basyp alyjy tutumy sebitara howpsuzlyga wehim salýar”diýdi
Türkmen wekiliýeti Tatarystanda XIV halkara mugallymçylyk forumyna gatnaşdy
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
ABŞ, Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyna Garşy Ses Berdi
Parižde düýeleriň ýörişi geçirildi