Erdogan: “Ysraýylyň basyp alyjy tutumy sebitara howpsuzlyga wehim salýar”diýdi

Erdogan: “Ysraýylyň basyp alyjy tutumy sebitara howpsuzlyga wehim salýar”diýdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Ysraýylyň basyp alyjy tutumynyň sebitara howpsuzlyga wehim salýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan penşenbe güni paýtagt Ankarada Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamada “Ysraýylyň Gazadaky, Günbatar Şeriadaky we Liwandaky basyp alyjy tutumlary sebitimiz taýdan howply bolmaga dowam edýär” diýdi.

Erdogan “Türkiýe we Alžir hökmünde sebitimiziň parahatçylygy we durnuklylygy üçin tagalla etmäge dowam ederis. Alžir bilen özara bähbide laýyklykda dostlukly gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlygymyzy ähli taraplaýyn ösdürmäge dowam ederis” diýip belledi.

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun hem Ysraýylyň sebitdäki hüjümleri ýazgardy.

Tebbun “Ysraýylyň basyp alyjy syýasatlaryny we doganlyk ýurt Liwana guraýan hüjümlerini we Gazadaky wagşyçylygyny ýazgarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Alžiriň prezidenti Tebbun bilen söhbetdeş boldy
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan: Türkiye “genosid ulgamlaryna” garşy adamzady goramaga dowam eder
“Galkynyş” atly oýunlar topary Stambulda geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar
Prezident Erdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Prezident Erdogan “Ysraýyl Eýran söweşinden jogapkär” diýdi