Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady

Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Garabag ýeňişiniň 4-nji ýyly mynasibetli Azerbaýjanyň Ýeňiş gününi gutlady.

Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, Garabag ýeňişiniň 4-nji ýylyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýän Jan Azerbaýjan bilen Azerbaýjanyň halkynyň Ýeňiş gününi tüýs ýürekden gutlaýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan gutlagynda: “ Doganym Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde 44 gün dowam eden uruşda ýeňiş gazanan Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň gahryman agzalaryny ýurduň we halkymyň adyndan gutlaýaryn. Atlaryny taryha atyn harplar bilen ýazdyran eziz şehitlerimizi uly hormat bilen ýatlaýaryn. Ýatan ýerleri ýagty bolsun. Garabagyň azatlygy üçin janlaryny pida eden gahrymanlary hemişe uly hormat bilen ýatlarys” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Azerbaýjany gutlady
Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler
“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”
2020-nji Ýylda Gutaran Garbag Urşundan Bäri Minalar Sebäpli 68 Azerbaýjan Raýaty Pida Boldy
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bold