Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler

Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler

Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary dikeldilen şäherde metjit gurmak başlangyjyny öňe sürendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdiler. Bu barada Azerbaýjanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Minnetdarlyk hatda bellenilişi ýaly, bu ädim Garabagyň dikeldilmegine möhüm goşant bolup, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, ruhy bitewüligiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde häsiýetlendirilýär.

Taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy çykyş eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag hatyny iberip, Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Azerbaýjanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi
Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar