Azerbaýjanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen minnetdarlyk hatynda, Azerbayjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy baradaky çözgüde beren goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Konsultatiw duşuşygyň dowamynda geçirilen maslahatlaşmalar, kabul edilen çözgütler ýurtlaryň özara hormat goýmak ruhunda syýasy-ykdysady, ulag, energetika, howpsuzlyk, ynsanperwer ulgam ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew belläp geçdi.

Prezident Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, umuman, tutuş sebitiň bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna, halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew iberen minnetdarlyk hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we alyp barýan işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem minnetdarlyk hatyny ugratdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Fizuliniň ýaşaýjylary şäherde metjidiň gurulýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Eýranyň Azerbaýjandaky Geňeşçi Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy