Prezident Erdogan Egindeşleri Bilen Birlikde Atatürkiň Aramgähine Bardy

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň täze düzümi bilen Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Atatürkiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan aramgähe bardy.

Ýolbarsly ýoldan ýöräp Atatürkiň aramgähine baran Erdoganyň, aý-ýyldyzly gül desselerini goýmagyndan soň hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senasy ýerine ýetirildi.

Prezident Erdogan aramgähiň ýatlama depderine “Eziz Atatürk, Prezident dolanşygy hökümet ulgamynyň 2-nji döwründe ministrler kabinetiniň täze agzalary bilen huzuryňyza geldik. Şu gün ministrler kabinetiniň ilkinji maslahatyny geçirip, Türkiýe asyrynyň gurulmagy üçin aýgytly ädimler bilen işe girişeris.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde ministrler kabinetimiz bilen birlikde Türkiýänin 85 millionlyk ilaty üçin hyzmat ederis.Bize amanadyňyz bolan respublikamyzyň 100-nji ýylyny uly buýsanç bilen belläp geçeris we uly öňe gidişlik ederis.

Beýik biribar bizi milletimiziň öňünde utandyrmasyn, ýatan ýeriniz ýagty bolsun”diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Atatürki hatyralady
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Mustafa Atatürki hatyralady
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi