Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň täsir ýetiren welaýatlary bilen baglanşykly: "Baýrama çenli Hataý welaýatyndan daşary ähli welaýatlarymyzdaky harabalyklary aýyrmagy maksat edinýäris" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan düýn Stambulda eden çykyşynda, ýer titremä çydamly ýaşaýyş jaýlaryň düýbüni tutmak dabarasyny amala aşyrandyklaryny belläp: "Düýn Şanlyurfa welaýaty bilen birlikde 100 müňden gowrak ýer titremä çydamly ýaşaýyş jaýynyň we oba jaýlarynyň gurluşyk tapgyryny başlatdyk. Nesip bolsa 319 müňi ilkinji ýylda bolmak bilen jemi 650 müň jaýy eýelerine gowşurýançak çenli sebitden asla çykmarys" diýip belledi.

Harabalyklary aýyrmak işleriniň tamamlanyp barýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Baýrama çenli Hataý welaýatyndan daşary ähli welaýatlarymyzdaky harabalyklary aýyrmagy maksat edinýäris" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan soň bolsa Stambul şäheriniň Üsküdar etrabynda ýaşlar bilen duşuşyk geçirip, olar bilen gürrüňdeş boldy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Türkmenistanly Zülfiýa Kajyr bir ýyldan soň Türkiýedäki adamsy bilen birleşdi
Pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baran zenan we onuň çagasy bir ýyllap ýurtdan çykylmaýar
Türkmen Gazy Türkiýä Gelýär
Türkiýäniň prezidenti türki döwletleriň raýatlary üçin işe ýerleşmek düzgünini ýeňletdi
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi