Prezident Erdogan Gündogar Iýerusalim we Aksa metjidi bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan Gündogar Iýerusalim we Aksa metjidi bilen bagly beýanat berdi

Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgünde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Bileleşigimiň (ISIPAB) 16-njy konferensiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Prezident Erdogan, Iýerusalim meselesiniň bir topbak mert musulmanyň meselesi bolmandygyny, eýsem Yslam dünýäsiniň umumy meselesidigini beýan etdi.

Palestinada birtaraplaýyn häsýetdäki gollanmalaryň günsaýyn artýandygyny, Gaza garşy haksyz, hukuksyz we wyždansyz gabawyň dowam edýändigini aýdan Erdogan, II Dünýä Söweşinde Ýewropadaky jöhitlere garşy edilen genosidiň jogabyny şu günki gün palestinalylardan almagyň dogry bolmajakdygyny habar berdi.

Erdogan: "Iýerusalimi 400 ýylyň dowamynda dolandyran ata-babalarymyzyň nebereleri hökmünde Palestinada gan, gözýaş we zulum görmek islemeýäris" diýip nygtady.

Türkiýäniň Gündogar Iýerusalimiň statusy we Aksa metjidiniň mukaddesligi bilen bagly duýgurlygyny tutanýerlilik bilen dowam etdirýändigini aýdan Erdogan: "Hemişelik parahatçylygyň we durnuklylygyň ýoly 1967-njy ýyldaky serhetleriň çäginde, paýtagty Iýerusalim bolan, garaşsyz, özygtyýar, territorial bütewilige eýe bolan Palestina döwletiniň gurulmagydyr" diýip belledi.

Öňümizdäki döwürde sebitde parahatçylyk gurşawynyň berkemegini ediljek umumy ädimleriň kesgitlejekdigini aýdan Erdogan: "Birlik we jebislik içinde hereket edilip, Palestina dawasyny gowşatjak islendik hereketden saklanmalydyrys. Palestina dawasynyň dünýäniň güntertibinde hak eden ýerine getirilmegi we adalatly bir çözgüdiň tapylmagy üçin tagallalarymyzy dowam etdirmelidiris" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan Owganystanyň hemişelik parahatçylyga we durnuklylyga gowuşmagynyň umumy tamalarydygyny belläp, esasan hem häzirki kyn şertlerde owgan doganlarymyza ynsanperwer kömekleriň berilmeginiň dowam etdirilmeginiň möhümdigini beýan etdi.

Erdogan: "Owganystanyň ýaňadandan haos we çaknyşyklar gurşawyna öwrülmezligi üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris" diýip aýan etdi.

Erdogan bosgunlar bilen bagly bolsa, esasan hem immigrasiýa we bosgunlar meselesinde esasy ýüküň, sesi köp çykýan Günbatar ýurtlaryndan zyýada, krizis sebitlerine goňşy bolan Türkiýä ýaly ýurtlardadygyny belledi.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýa krizisinde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmän, lapykeçlige sezewar edendigini aýdan Erdogan: "Tapawutly köklere eýe bolan 35 million musulmanyň ýaşaýan Ýewropaly doganlarymyz üçin konslagere öwrülmegine rugsat bermeris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Erdogan Silwa bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer