Prezident Erdogan güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, hiç wagt milli ygtyýaryň üstünligi babatynda egilşik etmändiklerini, ertir geçiriljek prezident we deputat saýlawlarynda saýlaw gutusyndan çykjak islendik netijäni kabul etjekdiklerini belläp: "Garşymyzdakylardan hem şol bir ygrarlylyga garaşýarys" diýip belledi.

Prezident Erdogan Stambul şäherindäki Prezidentiň Dolmabahçe ofisinde geçirilen, käbir telewideniýe kanallarynyň umumy ýaýlymynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Çykyşynda "Türkiyäniň Asyrynyň" üstünde durup geçen Prezident Erdogan, ýurduň 40 ýyllyk terrora garşy göreş taryhynyň iň uly üstünlikleriniň tapgyryndadygyny, ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň serhetleriniň çäginde dolulygyna ýok etmek nokadyna getirendiklerini habar berdi.

Prezident Erdogan Günbataryň hem ertir geçiriljek saýlawlar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beýan etdi.

Ähli ýurtlar bilen gatnaşyklary gowy saklamak gerekdigini aýdan Prezident Erdogan, ABŞ Russiýa oňyn garamaýar diýip, hiç wagt Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen aragatnaşygyny kesmändiklerini mälim etdi.

Türkiyäniň Ykdysady nusgasyny maýa goýum, eksport, häzirki profisit esasynda ösüşi ýola goýandyklaryny we şu günki güne çenli şony ädimme-ädim ýerine ýetirendiklerini aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň şonuň saýasynda ençeme ýyl sezewar galan ykdysady hüjümlere, maliýe ulgamlaryna garşy amallara üstünlik bilen garşy durandygyny habar berdi.

Gara deňizde tapylan we enregiýa ulgamyna birikdirilen tebigy gazyň ýurduň ykdysadyýetine aýratyn bir güýç goşandygyna ünsleri çeken Prezident Erdogan, Gabar sebitindäki nebiti hem artýan bir temp bilen ulgama birikdirýändiklerini mälim etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda şeýle hem ertir geçiriljek prezident we deputat saýlawlarynyň üstünde durup geçdi.

Prezident Erdogan hiç wagt milli ygtyýaryň üstünligi babatynda egilşik etmändiklerini, Halk ýaranlygynyň bu ýurtda demokratiýanyň kepilligidigini belläp: "Demokratiýany kabul eden partiýalaryň agzybirligi bilen easlandyrylan Halk ýaranlygy, saýlaw sandygyndan çykjak islendik netijäni kabul eder. Garşymyzdakylardan hem şol bir ygrarlylyga garaşýarys" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Türkiýe bilen howpsuzlyk boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýär
Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Beçirowiç bilen duşuşdy
Emine Erdogan 7-nji TRT World Citizen baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi