Prezident Erdogan metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Türkiye hökmünde edýän ädimleriniň takdyr edilýändigini nygtap: "Russiýa-Ukraina arasynda ýesir çalşygy we Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly başlangyçlarymyz dünýä liderleri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edilýändigine şaýat boldyk" diýip belledi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, G20 Liderler sammitiniň 17-nji maslahatynyň çäginde Indoneziýa guran saparyndan soň, metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

G20 Bali sammitiniň temasynyň “Bilelikde Ösüş-Güýçli Ösüş” bolandygyny ýatladan Erdogan: "Gatnaşan maslahatlarymyzda energetika we saglygy goraýyş temalary boýunça Türkiye hökmünde eden ädimleriň takdyr edilýändigini gördük. Şol bir wagtda Russiýa-Ukraina arasynda ýesir çalşygy we Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly başlangyçlarymyz dünýä liderleri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edilýändigine şaýat boldyk" diýip mälim etdi.

Türkiyäniň G20 Bali Jarnamasyna uly goşantlarynyň bolandygyny aýdan Erdogan, Russiýa-Ukraina krizisi bilen baglanşykly ähli taraplar bilen gepleşikler geçirip bilmek ukyby, araçylyk roluny eýeleýän Türkiyäniň umumy jarnamanyň taýarlanmagynda işjeň rol eýeländigini aýan etdi.

Türkiyäniň öňbaşçylyk etmeginde durmuşa geçirilen Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy başlangyjynyň Türkiye we Stambul ylalaşyklaryna salgylanyp G20-ä agza ähli ýurtlar tarapyndan hoşallyk bilen kabul edilendigini aýdan Erdogan, bosgunlar babatynda hem hyzmatdaşlyk edilmeginiň gerekdiginiň hem G20 Jarnamasyna aýratyn bir paragraf hökmünde goýulandygyny mälim etdi.

Sammitiň çäginde kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirendigini ýatladan Erdogan: "Geçirilen şol duşuşyklarda goranyşdan energetika, terrora garşy göreşden maýa goýumlara, söwdadan syýahatçylyga çenli gün tertipde bolan meseleleri maslahatlaşdyk. Saparymyzyň ýurdumyz, milletimiz we bütin adamzat üçin düşümli bolmagyny dileýärin" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri
Türkiye-Yrak Liniýasynda Energiýa Diplomatiýasy
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny