Prezident Erdogan MÜSIAD EXPO çäresinde çykyş etdi

Prezident Erdogan MÜSIAD EXPO çäresinde çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Stambulda TÜÝAP Sergi we kongres merkezinde başlan Garaşsyz senagatçylar we telekeçiler jemgyýeti (MÜSIAD EXPO) çäresinde çykyş etdi.

Dünýäniň soňky 3 ýyl bäri koronawirus epidemiýasy bilen başlan we sebitleýin dartgynlyklar bilen dowam eden tankydy tapgyrdan geçýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Weýrançylygyň täsirlerini häzirki wagtda hem duýarys. Ösen ýurtlar bilen birlikde ençeme döwlet soňky ýyllaryň iň uly inflýasiýasynyň hötdesinden gelmäge synanyşýar.

Azyk we energetika krizisi bilen birlikde bu täze hakykata garşy dünýäniň ençeme ýurdy aljyraňňy ýagdaýda, çäresiz galdy.Iň köp ýaramaz täsir gören ýurtlar bolsa Aziýadaky we Afrikadaky gowşak ýurtlardyr" diýip belledi.

Afrikada bir döwüm çöregi tapmandygy üçin jan berýän her bir çaganyň gam-gussasynyň wyždanlary ganadýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Şol tragediýalaryň bes edilmegi üçin hiç hili tagalla edilmeýär.Düýn agşam BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon söhbetdeşligimde G-20-de şony gün tertibe getireliň, dünäde nämeler ederis, Russiýa-Ukraina arasyndaky bu söweş bilen birlikde ösen ýurtlaramy ugradalyň bu gallany, döküni, ýogsamam az ösen ýurtlara, garyp ýurtlaramy ugradalyň? Şol sebäpli ol ýerde ädim edeliň, gallany az ösen ýurtlara ugradalyň, goldaw bereliň diýip pozisiýamy belläp geçdim" diýip habar berdi.

Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem şol meseläniň gün tertibe gelendigini aýdan Prezident Erdogan: "Putin mugt ýagdaýda Jibuti, Somali, Sudan ýaly ýurtlara ugradalyň diýdi.Bir pikire geldik, ylalaşyk gazandyk.

Edilmeli ädim şol. Şu aýyň 13-14-nji aralygynda Putin bilen Balide duşuşyk geçireris we ol ýerde şolary ara alyp maslahatlaşarys.Afrikanyň peýdalanmagy üçin şol bir pikire geldik.

Galla geçelgesindäki gämileriň ilki bilen mätäç bolan Afrika ýurtlaryna ugradylmagyny üpjün ederis" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen BAE bardy, Turkish Airlines Aşgabada iki ýolagçy gatnawyny gurar, Türkmenistan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite ilçisi bilen söhbetdeşlik geçirildi