Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Çawuşogly: Liwiýada kanuny hökümet bilen işleşip, içerki urşuň turmagynyň öňüni aldyk” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Dakarda guralan maslahatda beren beýanatynda, Afrika Bileleşiginiň we beýleki sebitleýin guramalaryň Türkiýäniň strategik hyzmatdaşydygyny nygtap; “Liwiýada kanuny hökümeti goldap, içerki urşuň turmagynyň öňüni aldyk” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Şentop: Türkiýe Krymyň anneksiýasyny ykrar etmez” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopuň Türkiýäniň Krymyň anneksiýasyny ykrar etmeýändigini we etmejekdigini nygtap; “Türkiýe Ukraina we Krym tatarlaryna hem özara hem-de köptaraply platformalarda goldawyny dowam etdirer” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Energetika ministri Dönmeziň energetika bazasy hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň rus tebigy gazy üçin Türkiýede energetika bazasynyň döredilmegi bilen bagly meýilnama boýunça ylalaşylandygyny, Türkiýäniň öz üstüne düşýän borçlaryny berjaý etmäge başlandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Russiýanyň Türkiýe hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň Türkiýäniň tebigy gaz söwda merkezi bolmagy üçin işleriň dowam edýändigini belläp, “TürkAkym göterijisi ukybynyň ýokarlandyrylmagy üçin uly potensiala eýe” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “SAHA EXPO 2022 sergisi açyldy” söz başyly habarynda, SAHA EXPO 2022 Goranyş, awiasiýa we kosmos senagaty sergisiniň Stambulda açylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Sergide Türkiýede ilkinji gezek öndürilen gelejegiň ynsansyz söweş konsepsiýasy üçin dizaýn edilen “Sarbot” atly robot ýaragyň tanyşdyrylandygy mälim edilýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer ministrini kabul etdi
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar