Prezident Erdogan Müsür bilen bagly beýannama berdi

Prezident Erdogan Müsür bilen bagly beýannama berdi

Prezident Erdogan Katarda geçirilýän 2022 FIFA Bütindünýä futbol çempionatynyň açylyş dabarasyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Açylyş dabarasynda Müsüriň Prezidenti Abdülfettah as-Sisi bilen geçiren duşuşygy bilen bagly soraga Prezident Erdogan: "Bir tapgyr başlap biler diýipdik. Şol tapgyryň başlamagy üçin ol ýerde bir ädim edildi we duşuşyk geçirdik.

Ilki bilen ministrlerimiz bilen başlaýan şol tapgyry, ondan soň nesip bolsa ýokary derejeli duşuşyklar bilen gowy nokada ýetirmek isleýäris.Sebäbi meselä şeýle garaýaryn: Bu Türkiýe-Müsür arasyndaky liderleriň duşuşygy däldir, türk milleti bilen Müsüriň halkynyň geçmişdäki jebisligi biz üçin möhümdir. Ýaňadandan näme üçin bolmasyn, ýaňadandan näme üçin başlamasyn? Şolaryň yşaratyny berdik.

Nesip bolsa adatdan daşary ýagdaý bolmasa, şol ädimi ederis" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Fidan: ADF dünýä liderlerini kabul etdi, Türkiye bolsa diplomatik roluny giňeldýär
Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Erdogan: "Türkiye meseleleri parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýa arkaly çözmäge synanyşýar”
Pakistan Türkiyäniň Yslamabad-Kabul wagtlaýyn ýaraşygyndaky "konstruktiw roluny" öwdi
Erdogan we Al Tani geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde sebitleýin wakalary ele aldylar