
Prezident R. T. Erdogan, Prezewe Deňiz ýeňişiniň 485 ýyllygy we Deňiz güýçleriniň döredilen güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: “Deňizlerdäki şanly ýeňişlerimizden biri bolan Preweze deňiz ýeňişiniň 485-nji ýylynda döwrüň deňiz güýçleriniň serkerdesi Barbaros Haýrettin serkerdäni we esgerlerini uly hormat bilen hatyralaýaryn. Deňizlerimizde iş alyp barýan gahryman deňizjilerimizi Deňiz güýçleriniň döredilen güni bilen gutlaýaryn” diýdi.