Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy

Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen bolan duşuşygydan soň metbugata beýannama berdi.

Siriýada we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar we Ukrainadaky söweş ýaly sebitara meseleler boýunça Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini ýatladan Erdogan, “Biz Siriýada yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny arzuw edýäris” diýdi.

“Gazadaky ylalaşygyň dowam edirilmegi üçin her adam uly jogapkärçilik almaly” diýen Erdogan, “Halkara jemgyýetçiligi iki döwletli çözgüt üçin tagalla etmeli” diýip belledi.

Beýannamasynda Ýewropada daşary ýurt duşmançylygynyň, musulmanlara garşy tutumlaryň artandygyny nygtan Erdogan, türk jemgyýetiniň bu ýagdaýa alada bildirýändigine ünsi çekdi.

Myhman Prezident Ştaýnmaýer bolsa “Sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy diýseň möhüm. Türkiýe bu meselede uly rol oýnaýar” diýdi.

Germaniýanyň Prezidenti Ştaýnmaýer, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň palestinalylary sürgün etmek baradaky teklibine alada bildirýändigini we munyň halkara hukuk taýdan kabul edilmesizdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Şara ýurdunda başdan geçirlen soňky wakalar sebäpli Germaniýa gurajak saparyny yza süýşürdi
Berdimuhamedow Ştaýnmaýere gutlag hatyny iberdi
Berdimuhamedow Germaniýanyň gaýtadan saýlanan Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Berdimuhamedow Germaniýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady