Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Şara ýurdunda başdan geçirlen soňky wakalar sebäpli Germaniýa gurajak saparyny yza süýşürdi
Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Möhletinden öňki saýlawlar geçiriler
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi