Ştaýnmaýer: "Ýewropanyň howpsuzlygy Russiýanyň Ukraina garşy başladan urşy sebäpli howp astynda"

Ştaýnmaýer: "Ýewropanyň howpsuzlygy Russiýanyň Ukraina garşy başladan urşy sebäpli howp astynda"

Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, ýurduň paýtagty Belwýu köşgünde ülkede iş alyp barýan daşary ýurt wekilhanalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Frank-Walter Ştaýnmaýer: "Ýewropadaky azatlyklar Russiýanyň Ukraina garşy başladan uruşdan soň ýaňadandan howp astynda. Putin urşy Ýewropa getirdi. Emma diňe bir ýurda getirmedi, Ýewropanyň parahatçylygyna hüjüm etdi" diýip habar berdi.

Ýewropanyň halkara hukugyny bozýan bu urşa beren reaksiýasynyň açyk-aýdyň we anyk bolmalydygyny belläp: "Biz kanunyň we halkara hukugynyň, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň tarapdarydyrys. Ukraina Ýewropa Bileleşiginde adalatly bir parahatçylyga we geljege tarap barýan ýolda, azatlyklaryň we garaşsyzlyklaryň goralyp saklanmagy babatynda biz nemesleriň olaryň ýanynda durjakdygymyza ynanmagy dowam edip biler" diýip mälim etdi.

Russiýa-Ukraina urşunyň başlamagyndan bäri transatlantik bileleşiginiň biri-birine ýakyn, güýçli we egsilmez durýandygyny aýdan Ştaýnmaýer: "Sowuk urşundan bäri bu materikde iň howply pursatda bolmagymyz ahmal" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Möhletinden öňki saýlawlar geçiriler
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy