Berdimuhamedow Germaniýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Berdimuhamedow Germaniýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp: “Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berýär we bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär” diýip, Gutlagynda belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Şara ýurdunda başdan geçirlen soňky wakalar sebäpli Germaniýa gurajak saparyny yza süýşürdi
Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Möhletinden öňki saýlawlar geçiriler
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi