Prezident Erdogan Putine Gynanç Bildirdi

Prezident Erdogan Putine Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde paýtagt Moskwada guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Putine gynanç bildirdi.

Asuda ilaty nyşana alan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, rus halkyna duýgudaşlyk bildirýändiklerini we sabyr dileýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan hüjümiň sebitdäki krizisleriň gysga wagtda parahatçylykly ýagdaýda çözülmelidigini görkezýändigini belledi.

Erdogan terrora garşy göreşde Russiýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny nygtady.

Russiýanyň paýtagty Moskwada Krokus konsert zalynda 22-nji martda ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy.

Konsert zalyna giren hüjümçileriň çem gelen ýere od açmagy we konsert zalynyň üçeginiň ýanandygy sebäpli 133 adam ýogalypdy, 100-den gowrak adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýyla Reaksiýa Bildirdi
Prezident Erdogan, Günbatar Balkanlaryň Iň Halanýan Lideri
Günbatarly Ýolbaşçylaryň Ikiýüzli Syýasat Alyp Barýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Rus Halkyna Gynanç Bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny