Prezident Erdogan Senegalda geçirilen Işewürler forumynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Senegalda geçirilen Işewürler forumynda çykyş etdi

Resmi sapar bilen Senegal döwletine baran Prezident Rejep Taýýip Erdogan ol ýerde Türkiýe-Senegal Işewürler forumynda çykyş etdi.

Türkiýe bilen Senegalyň arasyndaky fiziki araçäge garamazdan hemişe ýakyn bolandygyny aýdan Erdogan, Günbatar Afrikada tankydy taýdan möhüm ýurt bolan Senegal bilen edilýän gatnaşyklaryň ajaýyp derejede bolmagyndan hoşaldyklaryny beýan etdi.

Türk kärhanalarynyň Afrika materginiň çar tarapynda ähli kynçylyklara garamazdan örän üstünlikli taslamalary durmuşa geçirýändigini aýdan Erdogan, şol taslamalaryň iş orunlarynyň artmagyna goltgy berýändigini we infrastruktura mümkinçilikleriniň ösmegine itergi berýändigini mälim etdi.

Türk kärhanalarynyň esasan hem "Beýgelýän Senegal meýilnamasy" taslamasynda işjeň rol eýelemeginden hoşaldyklaryny aýdan Erdogan, şol kärhanalarynyň şu günki güne çenli Dakar howa menzili, Dakar Sport kompleksi, Dakar Ekspo merkezi we halkara ulag parky ýaly uly taslamalary üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirendigini habar berdi.

Prezident Erdogan: "Üçünji müň ýyllygyň Afrika eýýamy boljakdygy baradaky ynanç bilen taýarlyklarymyzy eýýäm şu wagtda güýçli tutmalydyrys. Afrikaly doganlarymyza başymyzdan geçiren tejribelerimize laýyklykda gelejegi bilelikde gurmagy teklip edýäris" diýip aýan etdi.

Umumy metbugat ýygnagyndan soň Prezident Erdogan we Senegalyň Prezidenti Maki Sall Prezident köşgünde ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Ondan soň bolsa gol çekilşik dabarasyny geçilip, liderleriň ýolbaşçylyk etmeginde iki ýurdyň arasynda 5 ylalaşyga gol çekişildi.

Ýene degişli makalalar

Türk Taekwondoçylary 3 Medal Aldy
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Mane köne dostuny gynandyrdy