Prezident Erdogan Şwesiýada Gurhanyň Ýakylmagyna Berk Garşylyk Görkezdi

Prezident Erdogan Şwesiýada Gurhanyň Ýakylmagyna Berk Garşylyk Görkezdi

Prezident R. T. Erdogan, Şwesiaýda Gurbanyň ýakylmagy meselesinde “Türkiýe Respublikasynyň ýada musulmanlaryň dini ynanjyna sarpa goýmaýan bolsaňyz, NATO meselesinde bizden goldawa garaşmaň” diýdi.

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan, Türkiýäniň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdaky ilçihanasynyň öňünde Daniýanyň aşa sagçy Stram Kurs partiýasynyň lideri Rasmus Paludanyň Gurhany ýakmagyna rugsat berilmegine berk garşylyk görkezdi.

“Türkiýe Respublikasynyň ýada musulmanlaryň dini ynanjyna sarpa goýmaýan bolsaňyz, NATO meselesinde bizden goldawa garaşmaň” diýen Erdogan, “Ilçihanamyzyň öňünde şeýle gelşiksiz wakanyň başdan geçirilmegine rugsat berenler NATO agzalyk meselesinde bizden haýsydyr bir goldawa garaşmasyn” diýdi.

Daniýaly aşa sagçy Stram Kurs partiýasynyň lideri Rasmus Paludan, şenbe güni Türkiýäniň Stokgolmdaky ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakypdy.

Howpsyzlyk güýçleri Pauludan Gurkany ýakýarka onuň ýanyna hiç kimiň barmagyna rugsat bermändi.

Iýun aýynda Ispaniýada geçirlen NATO agza ýurtlaryň liderler maslahatynda Finlandiýa we Şwesiýa gurama agza bolamak üçin terrora garşy göreş meselesinde Türkiýe bilen teswirnama gol çekişipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa NATO-nuň Giňelmegine Garşy Iki Harby Sebit Döretdi
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Antalýa Diplomatiýa Forumy Başlaýar
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Borrel Ukraina Berilýän Goldawyň Dowam Etdirilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Günbatar Halkara Hukugyň Ýerine Öz Kadalaryny Iş Ýüzüne Geçirtmek Ysleýar