Antalýa Diplomatiýa Forumy Başlaýar

Antalýa Diplomatiýa Forumy Başlaýar

Prezident R. T. Erdoganyň goldaw bermeginde geçirilýän 3-nji Antalýa Diplomatiýa forumy şu gün Antalýadaöz işine başlaýar.

Ozal G-20 we NATO sammiti ýaly birnäçe guramaçylyga ýer eýeçiligini eden we dünýäniň tanymal liderlerini myhman alan şäher, Diplomatiýa forumyna 3-nji gezek ýer eýeçiligini edýär.

Prezident R. T. Erdogan forumyň çäginde liderler bilen duşuşar. Daşary işler ministri Hakan Fidan hem 30-dan gowrak kärdeşi bilen duşuşar.

“Çökgünlikler tapgyrynda diplomatiýany ileri tutmak” temasy bilen geçirilýän foruma 147 ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçysy gatnaşýar.

Forumda, Ýakyn Gündogardan Aziýa, Afrikadan Latyn Amerika çenli dünýäniň çar tarapyndan başdan geçirilýän soňky wakalar, howa çalşygy, terrora we azyk howpsuzlygyna çenli birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşylar.

Gaza meselesi forumyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Forumyň çäginde Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan Gazada söweşe şaýatlyk edýän çagalaryň duýgularyny, başdan geçirýä wakalaryny gürrüň berýän ýörite sergi açylar.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Fidan: ADF dünýä liderlerini kabul etdi, Türkiye bolsa diplomatik roluny giňeldýär