Prezident Erdogan Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider düýn agşam telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Ysraýylyň Prezidenti Gersog oraz aýy mynasibetli Prezident Erdogany gutlady.

Prezident Erdogan hem aprel aýynda bellenilip geçiljek musewileriň pasha baýramyny gutlady.

Ýer titremeleri sebäpli Türkiýe bilen arkalaşykly hereket eden Ysraýyla sagbolsun aýdan Erdogan, özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini isleýändiklerini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Prezident Erdogan Hamasyň Şura Mejlisiniň Başlygyny Kabul Etdi
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Prezident Erdogan Serbiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ankarada Saparda Bolýar
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Türkiýede Saparda Bolar
Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi