Prezident Erdogan Ysraýylyň Gazadaky hassahanany bombalamagyna reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan Ysraýylyň Gazadaky hassahanany bombalamagyna reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan elhenç hüjümden soň, sosial media hasabyndan beýannama berdi.

Prezident Erdogan: "Içinde zenanlar, çagalar, bigünä adamlar bolan hassahana hüjüm guramak, Ysraýylyň iň adaty adamzat gymmatlyklaryndan mahrum bolan hüjüminiň soňky mysalydyr. Gazada başdan geçirilen we taryhda görlüp-eşidilmedik bu wagşylygy duruzmak üçin ähli adamzady işe girişmäge çagyrýaryn" diýip belledi.

Ysraýylyň Gazadaky Al-Ehli Baptisi hassahanasyny bombalamagy netijesidne ilkinji kesgitlemelere görä 500 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref al-Kudra hassahananayň bombalanmagy netijesinde 500 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ýogalanlaryň aglabasynyň bäbeklerden, çagalardan we zenanlardan ybaratdygy habar berildi.

Palestinanyň Döwlet ýolbaşçysy Mahmud Abbas wakadan soň 3 günlük ýas yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Bilen Duşuşar
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy