Prezident Erdoganyň Saud Arabystanyna Sapary Metbugatda Giň Seslenme Döretdi

Prezident Erdoganyň Saud Arabystanyna Sapary Metbugatda Giň Seslenme Döretdi

Prezident R.T.Erdoganyň Saud Arabystanyna guraýan sapar Saud mediasynda giň beýan tapan bolsa, iki ýurduň arasynda “taryhy doganlyk” gatnaşyklaryna üns çekildi.

Erdoganyň saparyna Saud Arabystanynyň habarlar gullugy “SPA-nyň” başda durmagynda köp sanly gazetde giň ýer berildi.

“SPA-nyň” habarynda Saud Arabystany bilen Türkiýäniň arasynda 1929-njy ýylda gol çekişilen “Dosluk şertnamasna” esaslanýan taryhy we güýçli gatnaşyklaryň bardygy ýatladyldy.

Iki ýurduň ýerleşýän geografik pozisiýasy saýasynda gatnaşyklaryň ösüp, güýçlenendigine üns çekikýäň habarda, iki ýurduň liderleriniň özara saparlarynyň gatnaşyklaryň güýjüni hasam artdyrýandygy nygtaldy.

“Ukaz” gazetiniň habarynda, iki ýurduň sebitde eýeleýän möhüm pozisiýasyna üns çekilip, liderleriň özara gatnaşyklary doganlyk esasynda we sebitde halklaryň bähbitlerine hyzmat etjek häsýetde ösdürmekde ygrarlydygy beýan edilýär.

“Al Medine” gazeti Prezident Erdoganyň Jiddä gelişini Twitterden “Türk Prezidenti Saud Arabystanynda” haştagy bilen berdi.

“Sabg” gazeti internet sahypasynda “Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň sebitleýin we halkara güýje eýe. İki döwlet hem Ýakyn Gündogarda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň diregi” diýilýär.

Gazet Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň eýeleýän deňagramly we netijeli pozisiýalary bilen halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goraýandyklaryna, dünýäniň ykdysady taýdan güýçli ýurtlarynyň girýän G20 guramasyna agza bolup durýandyklaryna ünsi çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny