Saud Arabystanynda “Aramco” degişli dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 14 adam ýogaldy

Saud Arabystanynda “Aramco” degişli dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 14 adam ýogaldy

Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi ýurduň gündogaryndaky Ras Tanura şäherinde heläkçilige uçran dikuçaryň düzümindäki 14 adamyň ählisiniň ýogalandygyny aýan etdi.

Saud Arabystanynyň döwlet habarlar agentligi SPA-nyň habaryna görä, nebit ägirdi “Aramco” kompaniýasyna degişli dikuçar ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň gündogar kenarynda, Ormuz bogazynyň günbatarynda ýerleşýän Ras Tanura şäherinde heläkçilige uçrady.

SPA heläkçiligiň sebäbini anyklamak üçin degişli edaralaryň gatnaşmagynda derňew işiniň başladylandygyny we heläkçiligiň sebäbiniň heniz anyklanmandygyny habar berdi.

“Aramco” kompaniýasy dört aýa golaý dowam eden bökdençlikden soň, anna güni Ras Tanura terminalynda çig nebit ýüklemek işini täzeden başlady.

Saud Arabystanynyň gündogar kenarynda ýerleşýän Ras Tanura ýurduň iň möhüm nebit gaýtadan işleýän we eksport merkezleriniň biridir.

Ýene degişli makalalar

Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
“Saud Arabystanynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň Konsullyk Bölümi Açyldy”
Saud Arabystany Bilen Fransiýa, Eýran Meselesine Alada Bildirýär
Husiler, Saudy Aramko Firmasynyň Nebit Desgalaryny Nyşana Aldy
Saud Arabystanynyň Şasy hassahana ýatyryldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow we onuň ogly kiçi haj amala aşyrdylar