Prezident Serdar Berdimuhamedow we onuň ogly kiçi haj amala aşyrdylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow we onuň ogly kiçi haj amala aşyrdylar

1-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedowyň kiçi haj üçin Saud Arabystanyna iki günlik sapary başlandy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Bu Türkmenistanyň prezidenti wezipesine geçeli bäri kiçi Berdimuhamedowyň ilkinji daşary ýurt sapary boldy.

Ony kakasy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy, hajy Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň başlygy, wise-premýerler we ýurdyň müftisi ugratdylar.

TDH-niň bellemegine görä,prezident bilen birlikde Türkmenistanly garry adamlar Saud Arabystanyna gitdiler.Uçarda “hormatly ýaşulylar we ak saçly eneler özlerine bildirilen uly hormat üçin minnetdarlyklaryny beýan etdiler hem prezidentiň hajyny Biribaryň kabul etmegini arzuw etdiler”.

Jiddanyň howa menzilinde kiçi Berdimuhamedowy Mekke welaýatynyň häkimi we Saud Arabystanynyň patyşasynyň maslahatçysy Halid bin Feýsal Al Saud garşylady.

Saud Arabystanynyň SPA habar gullugynyň çap eden suratlaryna görä, prezidentiň ýanynda ogly Kerimguly hem bardy.

Türkmenistanyň prezidenti we toparyň agzalary metjitde namaz kyldylar, soňra ümre üçin zerur dessurlary berjaý etdiler.

TDH 2016-njy ýylyň maýynda prezidentiň kakasy, uly Berdimuhamedowyň hem ümre gidendigini ýatladyp, oňa teberrik sowgat edilendigini belleýär.

Prezidentiň tabşyrygy bilen bütin sebitleriň ýaşaýjylarynyň sejde etmekleri üçin teberrik Türkmenistanyň metjitlerine sowgat edildi.

Bu gezek Käbede teberrigi kiçi Berdimuhamedowa sowgat etdiler.The post Prezident Serdar Berdimuhamedow we onuň ogly kiçi haj amala aşyrdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Ilkinji Russiýa-Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar
Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy
Türkmenistan we GCC hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk