Prezident harbylary duýdansyz barlady; eksperte görä, ýurtdaky “krizis” goşuna-da täsir edýär

Prezident harbylary duýdansyz barlady; eksperte görä, ýurtdaky “krizis” goşuna-da täsir edýär

Döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary türkmen prezidentini harby lybasda görkezdi.Resmi mediadan mälim bolşuna görä, prezident özüniň harby söweşjeň ukyplaryny görkezdi; hem dik durup, hem tigriň üstünde nyşana ot açdy, nyşanada çekilen şlýapaly adamyň keşbini mergenledi.

Elbetde, döwlet metbugaty prezidentiň harby ukyplaryny taryplady.Wideolardan mälim bolşuna görä, ýokary derejeli harby ýolbaşçylar çapak çalyp prezidentiň harby çykyşlaryny gutlady.Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda wagtal-wagtal harby tälim-türgenleşik yglan edip geldi; milli goşunyň düzümleri birnäçe gezek türgenleşik maksatly söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. 2017-nji ýylda geçirilen harby tälim-türgenleşikde prezident Berdimuhamedow harby "ussatlyklaryny" görkezipdi 13-nji iýunda ýary gije yglan edilen söweşjeň taýýarlyk ýagdaýynyň aňyrsynda nähili sebäpler bolup biler?

Türkmen prezidenti näme sebäpden harbylaryň öňünde harby “ussatlyklaryny” görkezip çykyş edip başlady.Azatlyk Radiosy 14-nji maýda bu soraglaryň jogaplary bilen gyzyklanyp, Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Luka Ançeski (Luca Anceschi) bilen söhbetdeşlik geçirdi. “Meniň pikirimçe, Türkmenistanda bolup geçýän zatlary deşifrirlemek gitdigiçe has-da kynlaşýar.

Sebäbi, prezidentiň özüni eksentrik alyp barmagy, hakykatda nämeleriň bolup geçýändigini garjaşdyryp, bulaşdyrýar.Haçan-da, men armiýany öz içine alýan şeýle kartinalary görenimde, iki çaklama ýöredip bilýärin, çünki; bu ýerde anyklyk ýok: Birinjiden, eger-de biz Türkmenistanyň ykdysady krizisi başdan geçriýändigini göz öňünde tutanymyzda, ykdysady kynçylyklaryň armiýa-da öz täsirini ýetirendigi aýdyňdyr.

Goşun we energiýa pudagy elmydama-da hökümet tarapyndan goralýan iki ugurdyr. Ýöne, men soňky 4-5 ýylyň içinde türkmen goşunynda hiç zadyň üýtgemändigine ynanmakda kynçylyk çekýärin. Şonuň üçin goşuna ünsi gönükdirmek bilen, hökümet özüniň goşuny strategiki sektor hökmünde görýändigine ynandyrjak, kepil geçjek bolýandyr” diýip, ekpert aýtdy.

Döwlet telewideniýesiniň aýtmagyna görä, prezident Berdimuhamedow söweşjeň taýýarlyklarda ýene-de bir gezek harby ussatlyklaryny görkezdi. "Men onda anyk haýsy harby ukyplaryň bardygyny bilemok, ol käri boýunça diş lukmanydy.Her niçik-de bolsa, bolýan zatlar şu bolup duran zatlar.

Bu günler prezident özüni eksentrik alyp barmak bilen öz “populizmini” formulirleýär. [Soňky harby howsala ýagdaýy] bilen bagly birinji çaklamam hökümet goşuna “biz siziň aladaňyzy edýäris” diýýär.Ekspert özüniň ikinji çaklamasy bilen gürrüňe dowam edip, bitaraplyk statusynyň häzirki wagtda Türkmenistan üçin aňladýan manysyna ünsi çekdi.

Ekspert “bitaraplygyň” harby terminologiýa däldigini, onuň ýurduň daşary syýasatdaky pozisiýasydygyny düşündirdi.Bu tema boýunça gürrüňe dowam edip, ekspert regiondaky, hususdan-da Owganystandaky howpsuzlyk şertlerine ünsi çekdi. “Meniň pikirimçe ol ýerde käbir problemalar bardyr.

Owganystan bilen serhet barada aýdylanda, ýa-da goşuna degişli beýleki ýagdaýlar barada aýdylanda, käbir problemalar bardyr” diýip, ekspert aýtdy. “Ýöne [soňky yglan edilen harby howsala ýagdaýy] esasan içerki çäredir. Şol bir wagtyň özünde onuň, aýdyşym ýaly, regionda bolup geçýän wakalar, hususan-da Owganystan bilen ilteşigi bardyr. Ýöne meniň birinji çaklamam hökümet üçin has wajypmyka diýýärin, hökümet goşuna biz siziň aladaňyzy edýäris, bu biziň üçin wajyp’ diýýär” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistanda prezidentiň goşunyň söwesjeň taýýarlygyny duýdansyz barlamagy Türkmenistanda orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan okuwçylaryň çagyryş boýunça harby gulluga äkidilýändigi, şeýle-de daşary ýurta bilim alýan az sanly studentiň dynç alşa Türkmenistana dolananda göni Aşgabadyň Halkara aeroportundan harby gulluga äkidilendigi barada çykan habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Ançeskiniň sözlerine görä, mekdebi tamamlan okuwçylaryň dessine harby gulluga çagyrylmagyna degişli çäreler Türkmenistanyň işsizlik boýunça resmi statistikasyna täsir edýär.Işsiz raýatlar harby gullugyň hasabynda bolanda, ýurtdaky işsizligiň görkezijisi hakykysyndan pes görünýär.

Beýleki tarapdan, eýsem, “ýaşlaryň harby gulluga dessine çagyrylmagy represiýanyň guraly hökmünde ulanylýarmy?” diýip, ekspert sorag berýär.Ol goňşy Gazagystandan mysal görkezýär: “Biz Gazagystanda şeýle ýagdaýlaryň bolup geçýändigini görýäris.

Hökümete sesini çykarýan adamlar ýurduň uzak künjeklerine harby gulluga alnyp gidilýär.Biz Türkmenistanda şu ýagdaýa şaýat bolýarysmy?Men muny bilmedim. Ýöne özüniň harby kuwwatyna asla-da kän bir üns bermeýän ýurtdan beýle zatlara garaşylmaýar” diýip, ekspert aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Ekspert: Türkmen hökümetiniň awtoritar häsiýeti ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini bökdeýär
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar
Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Türkmenistan: irki prezidentlik saýlawlary türkmen režiminiň dowamatynyň’ kepilimi?
Baýram diplomatiýasynyň gaýrasy: Türkmen, türk döwlet ýolbaşçylary birek-biregi Oraza bilen gutlady