Türkmenistan: irki prezidentlik saýlawlary türkmen režiminiň dowamatynyň’ kepilimi?

Türkmenistan: irki prezidentlik saýlawlary türkmen režiminiň dowamatynyň’ kepilimi?

14-nji fewralda Türkmenistanyň häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasy öňümizdäki aý geçiriljek irki prezidentlik saýlawlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürledi.

Demokratik partiýanyň resmi web-saýtynda aýdylmagyna görä, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy prezident wezipesine hödürlemek baradaky çözgüt partiýanyň duşenbe güni geçiren nobatdan daşary gurultaýynda biragyzdan kabul edildi.

Maglumata görä, wise-premýer gurultaýda çykyş edip, özüniň ýokary döwlet wezipesine hödürlenilmegine hoşallyk bildirdi. Ol prezident wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öz sözlerine görä, “mundan beýläk hem ata-babalaryň ruhy mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerden ugur alyp, milli lideriň başlangyçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda” zähmet çekjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komiteti Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligini heniz resmi taýdan yglan etmedi. Ýöne synçylar ýurduň pes demokratik tejribelerinden ugur alyp, kiçi Berdimuhamedowyň “saýlaw ýeňşine” “kesgitli netije” hökmünde garaýarlar.

Synçylara görä, garaşsyz Türkmenistanda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow bilen bat alan repressiw syýasat Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmeginden soň hem üýtgewsiz dowam etdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalara görä, ýurtda esasy azatlyklar, söz-beýan azatlygy, metbugat azatlygy, pikir azatlygy, din-wyždan azatlygy ýyllar boýy berk çäklendirilýär. Soňky ýyllarda ýurtda durmuş-ykdysady şertleriň barha ýaramazlaşmagy bilen esasy azatlyklar has-da çäklendirilýär.

Eýsem, Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary adaty häkimiýet çalşygymy ýa-da dowam edýän dolandyryşyň dowamatymy?

Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski 15-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň töweregindäki ýagdaýlara syn berdi.

Ekspertiň pikiriçe, saýlawlar bilen türkmen režiminiň dowamatyny kepillendirmek işleri has anyk göze ilýär.

“Bolup geçýän zatlara häkimiýet başyndaky maşgala nukdaýnazaryndan seredilse, tanyş häkimiýetiň hem-de Berdimuhamedowlar urugynyň türkmen jemgyýetinde we türkmen elitasynda öz häkimiýetini berkidýändiklerini görmek bolýar.Eger-de, bolup geçýän zatlara Berdimuhamedowyň töweregindäki elit gatlak nukdaýnazarynda seredilse, häkimiýetiň berkidilýändigini görmek bolýar.

Uzak wagtlardan bäri Berdimuhamedowyň töwereginde oturan adamlar, Meredow dagylar, beýlekiler we Berdimuhamedowyň özi, eger-de garaşylmadyk bir waka bolmasa, oturan ýerlerinden butnamazlar” diýip, ekspert aýtdy.

2006-njy ýylyň dekabrynda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soňra, häkimiýet başyna geçen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyryşynyň ilkinji ýyllary tutuş dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ymykly ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesi onuň tebigy baýlyklary bolansoň, köplere görä, Berdimuhamedow öz dolandyryşynyň irki ýyllarynda ýurdy ykdysady taýdan ösdürmek üçin kösenmeli bolmady. Ýöne, ýetip gelýän irki saýlawlar bilen prezident wezipesini eýelemegine giňden garaşylýan Serdar Berdimuhamedow ykdysady kuwwaty ymykly pese gaçan ýurdy öz kakasyndan miras alar.

Käbir synçylara görä, Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek işleri ýanwaryň başlarynda Gazagystanda turan gozgalaňdan soňra tizleşdirildi.

Ýatlasak, Gazagystanda ýanwaryň başlarynda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen tutaşan köçe protestleri soňy bilen gozgalaňa ýazdy we Gazagystan öz ilatynyň nägileligini basyp ýatyrmak üçin Russiýa ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan harby ýardam sorady.

Moskwadaky Carnegie merkeziniň ylym işgäri Temur Umarow Türkmenistanda yglan edilen irki saýlawlara gazak wakalarynyň täsiriniň az bolandygyny, prezidentlige dalaş edýän Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine getirmek prosesine birnäçe ýyl mundan ozal badalga berlendigini aýdýar.

Glasgow uniwersitetiniň Ýewraziýany öwreniş bölüminiň professory Luka Ançeski hem Türkmenistanda yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryny gazak wakalary bilen ýakyndan ilteşdirmeýär. Ol bu prosesiň tas soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri batlanyp dowam edýändigini aýdýar.

“Meniň pikirimçe, bu ikisiniň arasynda [gazak wakalary bilen türkmen saýlawlarynyň arasynda] onçakly möhüm ilteşik ýok.Biz 2021-nji ýyldan bäri, belki-de 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Serdaryň prezident bolmagynyň mümkindigi baradaky alamatlary görüp gelýäris.

Türkmen elitasy simwollara, nyşanlara, alamatlara örän çynlakaý çemeleşýär.Meselem, düýn [14-nji fewralda] prezident Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl boldy.Prezident öz çykyşynda özüniň wezipeden çekilmek niýetini mälim etdi. Şonuň üçin, men türkmen hökümeti häkimiýet çalşygyny çaltlandyrmak üçin gazak wakalaryna syn etmäge zerurlyk duýan däldir diýip pikir edýärin” diýip, Ançeski aýtdy.

Ançeskiniň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine getirilmek ähtimallygy baradaky alamatlar soňky birnäçe ýyl bäri yzygiderli halkyň aňyna guýulýar. Onuň aýtmagyna görä, şu wagta çenli Türkmenistanda başga hiç bir emeldar, ne Awdy Kulyýew, Boris Şyhmyradow ýaly irki döwlet adamlary, ne Raşid Meredow ýaly soňky çinownikler Serdar Berdimuhamedow ýaly ikinji adam hökmünde syýasy sahna çykarylmady.

Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda daşary ýurtlara sapar eden türkmen wekiliýetlerine ýolbaşçylyk etdi, käbir goňşy döwletleriň döwlet baştutanlary bilen duşuşyk geçirdi, ýurt içinde iri desgalaryň düýbüni tutmak ýaly dabaralara gatnaşdy, sebitlere sapar edip, bazarlara aýlandy.

“At üstünde oturan görnüşde görkezilen Serdaryň kakasy bilen düşen suraty onuň [ýokary döwlet wezipesine getirilmek ähtimallygynyň] iň aýdyň alamatlarynyň biri boldy” diýip, analitik aýtdy.

Döwlet mediasynda efire berilýän wideo reportažlarda wagtal-wagtal atly gezelenç edýän ata, ogul we agtyk Berdimuhamedowlar görkezilýär. Bir wideoda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar “Miras” atly ata, agtygy Kerimguly bolsa “Dowamat” atly ata mündi.

2018-nji ýylyň fewralynda prezident Berdimuhamedow bir köpçülik sport çäresinde ogly Serdara estafeta nobatyny gowşurdy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 14-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň irki prezidentlik saýlawlarynyň töweregindäki ýagdaýlara syn berip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda “maşgala dinastiýasynyň” bina ediljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe Berdimuhamedow mundan beýläk maşgala dinastiýasynyň guruljakdygyna hakykatdan hem ynanýar. Ol Berdimuhamedowlar maşgalasynyň bu ýurdy ýyllar boýy dolandyrjakdygyna ynanýar” diýip, ekspert aýtdy.

Mundan ozal, Türkmenistan bilen serhetleşýän Hazar deňziniň günbataryndaky Azerbaýjanda häkimiýet atadan ogla geçdi. Eger-de, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda prezidentlik wezipesini eýelese, bu post-sowet Merkezi Aziýada häkimiýetiň ilkinji gezek atadan ogla geçdigi bolar.

11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, haçan-da ogly prezident wezipesine geçmek üçin zerur bolan 40 ýaşy ymykly arka atandan soňra, “döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy, Mejlis ýurduň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna we Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna esaslanyp, 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.

Munuň yz ýany, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurtda saýlaw möwsümine badalga berdi.

Türkmenistanda syýasy garşylyga ýol berilmeýär, ýurtda hasaba alnan hakyky oppozisiýa partiýasy ýok. Ýöne ýurtda köppartiýalylyk wadalary bilen 2012-nji we 2014-nji ýyllarda ýurtda degişlilikde Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy hasaba alyndy. Ýöne bu tagallalar esasy azatlyklar berk çäklendirilýän ýurtda syýasy plýuralizm döredip bilmedi.

Daşary ýurtlarda hereket edýän käbir oppozisiýa wekilleri Türkmenistanda yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna parallel onlaýn saýlaw geçirmegi teklip edýär. Şol bir wagtda, oppozisiýa wekilleriniň arasynda Türkmenistanda geçiriljek irki saýlawlara öz dalaşgärligini hödürleýän liderler hem bar.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy halkara synçylar tarapyndan erkin we adalatly hasaplanmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär
L. Ançeski: Türkmen hökümeti bitaraplyk syýasatyny halkara jemgyýetçilikden üzňeleşmek üçin ulanýar
ÝB bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýär