Prezident pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär, ýygymçylar pagta ýok’ diýýär, mejbury zähmet agzalmaýar

Prezident pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär, ýygymçylar pagta ýok’ diýýär, mejbury zähmet agzalmaýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk resmilerinden şu günler ýurtda dowam edýän pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap etdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan maryly pagtaçylar bu ýyl sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar.

“Bu ýyl pagtanyň hasyly öten ýylkysyndan hem pes” diýip, her ýyl pagta möwsümine gatnaşýan maryly ýygymçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şu günler Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi we bugdaý ekiş möwsümi dowam edýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýat häkimlerine ýüzlenip, dowam edýän ekiş möwsüminiň hem-de pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegine ünsi çekdi.

“Şunda möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işledilmelidir. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) Berdimuhamedowyň sözlerini getirýär.

Ýöne maryly daýhanlar gowaça meýdanlaryna ideg etmek üçin zerur şertleriň döredilmeýändigini aýdýarlar.

“Mineral dökünleri we ekerançylyk suwlary öz wagtynda üpjün edilmeýär” diýip, bir ýerli kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, pagtaçy kärendeçiler gowaça ösdürip ýetişdirmekde zerur bolan agrotehniki kadalaryň wagtly-wagtynda berjaý edilmegini gazanmakda, şeýle-de, dökün, suw we tehnika elýeterliligine eýe bolmakda oba arçynlarynyň araçylygynyň möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

“Ekiş işlerini wagtynda geçirmek üçin, mineral dökünleriniň hem-de ekerançylyk suwlarynyň wagtly-wagtynda üpjün edilmegini gazanmak üçin oba arçynlaryna pul tölemeli bolýar. Muňa bolsa, köp sanly daýhanlaryň gurby çatmaýar” diýip, maryly oba hojalyk işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýekşenbe güni geçirilen hökümet mejlisiniň dowamynda prezidente beren hasabatynda ýurduň gowaça meýdanlaryndan “pagta ýygnap almak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini” aýtdy.

Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň gowaça meýdanlaryndan pagta hasylyny ýygnap almakda döwrebap kombaýnlardan netijeli peýdalanylýandygyny aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary nobatdaky pagta möwsüminde ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury çekilýändiklerini, ýa-da olardan ýygym üçin pul toplanylýandygyny, ýygnalan pullaryň hasabyna býujet işgärleriniň ornuna “hakyna tutma” işçileriň ýygyma goýberilýändiklerini habar berip gelýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda ýygyma gatnaşýan käbir hakyna tutma ýygymçylar bilen gürrüňdeş boldy.

Olar hem köp sanly gowaça meýdanlarynda bu ýyl hasylyň pes bolandygyny tassyklaýarlar.

“Gowaça meýdanlarynda pagta ýok, gozalar boş” diýip, “hakyna tutma ýygymçy” Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy bilen bagly aladalaryň arasynda Birleşen Ştatlary 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen pagtasynyň hem-de türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň ABŞ-a import edilmegine gadaganlyk girizdi. Bu gadaganlyk heniz hem öz güýjünde galýar.

Türkmen hökümet ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident sebitlerde pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýtdy, oba başlyklary seljerilmeli edildi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ahally gallaçylar hem bugdaý ekişini tamamladylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ahal welaýatynda bugdaý ekişi tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy