Prezidentiň Orunbasary Ýylmaz, ÝB-niň Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi

Prezidentiň Orunbasary Ýylmaz, ÝB-niň Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz, ÝB-niň Türkiýe toparynyň başlygy ilçi Nikolaus Meýer Landrutyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti kabul etdi.

Ýylmaz, paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşik hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, kabul edilşikde Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe Türkiýe bilen ÝB üçin däl eýsem şol bir wagtda sebit ýurtlary taýdan hem diýseň möhümdigini nygtan Ýylmaz, “Russiýa-Ukraina söweşinde, Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini ýene-de bir gezek gördük. Türkiýe hökmünde ÝB bilen edýän gatnaşyklarymyzyň öňündäki syýasy bökdençlikleriň gysga wagtda ortadan aýrylmagyny isleýäris” diýdi.

Ýylmaz, Gümrük bileleşiginiň ýaňadandan gözden geçirilmeginiň we wiza erkinligi etabynyň depgininiň güýçlendirilmeginiň möhümdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär
Türkiýe-Yrak Bilelikdäki Meýilleşdiriş Toparynyň Maslahaty Ankarada Geçirildi
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tatar Türkçesi - 2
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gagauz türkçesi