Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirer

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wise-prezidenti Wo Thi An Suan ýurtda täze prezident saýlanýança döwlet Baştutany wezipesine bellendi.Bu barada Milli mejlisiň (bir palataly mejlis) başlygy Wuong Din Hýue mälim etdi.

Mundan öň ýurduň öňki döwlet Baştutany Nguen Suan Fuk wezipesinden çekilýändigini mälim edipdi.Ol 2021-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edip gelýärdi. 2016-njy ýyldan bäri Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Premýer-ministri bolup işlän 69 ýaşly Nguen Suan Fuk häzirki Wýetnamyň taryhynda saýlanmazdan ozal ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk eden ilkinji prezident boldy.

Wýetnam hindi-hytaý ýarym adasynda ýerleşýän günorta-gündogar Aziýa döwleti bolup, günbatarda Laos we Kamboja, demirgazykda Hytaý, gündogarda we günortada Günorta Hytaý deňzi bilen serhetleşýär.Häzirki wagtda Wýetnamyň ilaty 99 million adamdan geçýär, bu hem ony ilat sany boýunça dünýäde 15-nji, Aziýa sebitinde 8-nji we Günorta-Gündogar Aziýada üçünji ýurt hökmünde öňe çykarýar. Şu ýyl Wýetnamda ilat sanynyň 100 milliona ýetmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy
Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Hytaý ýurtlaryň birgidenine jahankeşdelik gezelençleri dikeltmekçi
Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy