"PSŽ" Neýmaryň transfer bahasyny kesgitledi

"PSŽ" Neýmaryň transfer bahasyny kesgitledi

Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" (PSG) futbol klubunyň prezidenti Nasser Al-Helaifi braziliýaly hüjümçi Neýmaryň transfer bahasyny kesgitledi. Bu barada Sport.es habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, parižliler 28 ýaşly hüjümçiniň gepleşiklerdäki käbir kynçylyklara garamazdan, 2022-nji ýylyň tomsunda möhleti gutarýan şertnamasyny uzaltjakdygyna ynanýarlar.Al-Helaifi oýunçyny elden gidermek islemeýär we oňa uly mukdarda baha kesýär.

Ol oýunçyny 100 million ýewrodan arzan bermez. "PSŽ" bu mukdaryň pandemiýa döwründe mümkin bolan alyjylary çekindirjekdigine ynanýar.Ozal habar berlişine görä, indiki tomus fransuz kluby "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messini öz düzümine goşmagyň mümkinçiliklerine seredýär. Şeýle hem Neýmaryň şertnamasyny diňe Messi transfer bolan ýagdaýynda uzaltjakdygy habar berildi.

Häzirki möwsümde Neýmar 11 oýun oýnap, 9 pökgi geçirdi we 5 asist etdi.

Ýene degişli makalalar

Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
9 golly duşuşykda “Al Hilal” geçen möwsümdäki ýeňlişiň aryny aldy
Neýmar 43 million funt sterlinge öý satyn aldy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Togsana ser uran sungat mekdebi
Lewandowski ilki derwezäni ýalňyşdy, soňra düzeltdi