Lewandowski ilki derwezäni ýalňyşdy, soňra düzeltdi

Lewandowski ilki derwezäni ýalňyşdy, soňra düzeltdi

Pragada ýerli “Slawiýa” bilen geçen möwsümiň ýarym finalçysy “Barselona” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ispan topary 4-2 hasabynda ýeňiş gazandy.Oýnuň 10-njy minutynda ýer eýelerinden Kuseý hasaby açsa-da, Fermin Lopes 34-nji we 42-nji minutlarda tapawutlanyp, “Barselonany” öňe çykardy. Ýöne 1-nji ýarymyň soňky minutlarynda “Barselonanyň” ýyldyz hüjümçisi Robert Lewandowski ýalňyş derwezeden gol geçirip, hasaby deňledi. 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen tarap “Barselona” bolup, 63-nji minutda Dani Olmonyň uzak aralykdan geçiren goly bilen “Barselona” ýene bir gezek öňe saýlandy.

Duşuşygyň 71-nji minutynda bolsa Lewandowski şol ýalňyşynyň öwezini bu gezek topy geçirmeli derwezesinden girizip, oýna soňky nokady goýdy.UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 114-nji goluny salan Lewandowski 2 dürli toparyň köýnekçesi bilen Çempionlar Ligasynda 20 gol geçiren 4-nji futbolçy boldy (Ronaldo, Neýmar, Keýn).

Ýaryşa şowly başlap, soňky oýunlary şowsuz geçiren “Garabag” 3-nji ýeňşini gazanyp, indiki tapgyra çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy. Öz meýdançasynda “Aýntraht” bilen duşuşan bakulylar 3-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Çekeleşikli geçen oýunda “Garabag” topary 80-nji minutdan soň 2 gol geçirmegi başardy (Kamilo Duran 4, 80, Mustafazade 90+4 Uzun 10, Çaibi 78 p).

Türkiýäniň “Galatasaraý” topary öz meýdançasynda “Atletiko Madrid” bilen duşuşdy. Oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, toparlar utuklary paýlaşdylar. Duşuşykdaky 2 gol hem ispan toparynyň oýunçylary geçirdi.

Italiýanyň “Ýuwentus” topary öz meýdançasynda “Benfikany” Markus Turamyň hem-de MakKenniniň 2-nji ýarymda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Başga bir italýan kluby “Atalanta” öz meýdançasynda “Atletik Bilbaodan” 3-2 hasabynda asgyn geldi.

Ýene degişli makalalar

“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler
Ýene 1 goldan 100 bolýar