Pulitser baýragyna mynasyp boldular

Nýu Ýorkuň Kolumb uniwersitetinde žurnalistika, edebiýat, saz we teatr ugrundan berilýän iň abraýly amerikan baýragy bolan “Pulitser” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi. 47 ýaşly Endrýu Şon Grir “Azrak” (Less) romany üçin edebiýat ugrundan “Pulitser” baýragyna mynasyp boldy.

Grir bäş romanyň awtory bolup, onuň baýraga mynasyp bolan kitaby garaşylmaýan öwrümlere, paýhaslara, degişmelere we filosofiýa baýdyr.Şahyr Frenk Bidartyň “Çala ýagtylyk” (Half-light) kitaby iň gowy şygyrlar ýygyndysy diýlip ykrar edildi.Iň gowy drama eseri üçin Martin Maýokuň “Durmuşyň bahasy” (Cost of Living) pýesasy baýraga mynasyp boldy.“Non-fikşn” nominasiýasynda hukukçy Jeýms Formanyň “Öz-özüňize baglamak” (Locking Up Our Own) atly kitaby iň gowy eser diýlip ykrar edildi.“Pulitser” baýragy 1917-nji ýylda esaslandyryldy.

Edebiýat we saz ugrundan diňe ABŞ-nyň raýatlary, žurnalistika ugrundan bolsa, eserleri amerikan habar beriş serişdelerinde neşir edilen beýleki ýurtlaryň wekilleri hem bäsleşip bilýärler. Öz wagtynda Ernest Hemingueý, Margaret Mitçell, Harper Li, Toni Morrison, Jon Apdaýk we Tennessi Uilýams ýaly amerikan nusgawy ýazyjylar bu baýragyň ýeňijisi boldular.

Ýene degişli makalalar

Pulitzer baýragy berildi
Türkmenistanyň Prezidenti we halkara kompaniýalar maýa goýum meselesine garadylar
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler
Özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler