1-nji sentiýabrda Puşkin adyndaky umumy bilim berýän rus-türkmen orta mekdebiniň başlygy Ýelena Syszowa aradan çykdy diýip Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň internet saýtynda habar berilýär.
Ýelena Konstantinowna bilimi boýunça filolog, ýokary derejeli mugallyma, Türkmenistanyň milli mekdebiniň 5-nji synp okuwçylary üçin “Rus dili” okuw kitabynyň awtory. Ol mekdebe 2016-njy ýylyň sentiýaryndan bäri ýolbaşçylyk edýärdi.
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin mekdebiň toparyna, mugallymanyň garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny ýollady diýip habarda nygtalýar.
Ýelena Syszowa 51 ýaşyndady. Ilçihana mugallymanyň ölüminiň sebäpleri barada maglumat bermeýär.
Emma, “Türkmen.news” neşiriniň çeşmeleriniň habaryna görä, mekdep ýolbaşçysy COVID-19 sebäpli aradan çykdy.The post Puşkin adyndaky Rus-Türkmen mekdebiniň ýolbaşçysy aradan çykdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
