Putin Belgorod şäherine guralan hüjüm barada beýannama berdi

Putin Belgorod şäherine guralan hüjüm barada beýannama berdi

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin Ukraiandaky "Ýörite harby operasiýa" gatnaşan esgerler bilen Nowo-Ogarýowodaky prezidentiň rezidensiýasynda duşuşdy.

Putin mundan başgada uruşda ýaralanan esgerleriň bejergi alýan Wişnýowskiý merkezi harby klinika hassahanasyna baryp gördi.

Putin ol ýerde sözlän sözünde Belgorod şäherine 30-njy dekabrda hüjümiň guralandygyny ýatladyp: "Belgorod şäherinde bolanlar elbetde terrorçylykly aksiýadyr. Bu asuda ilata garşy guralan bir hüjümdir" diýip belledi.

Şoňa jogap hökmünde ýokary takyk ýaraglar bilen Ukrainadaky harby elementlere garşy hüjümler gurandyklaryny aýdan Wladimir Putin: "Bular ýaly görnüşli hüjümleri artdyrarys. Belgoroda guralan hüjüm çürt kesik asuda ilata garşy guralan jenaýatdyr we bular ýaly görnüşli jenaýatlar jezasyz galmaz" diýip nygtady.

Günbataryň Ukraina harby taýdan goldaw berýändigini aýdan rus lider: "Günbatarlylar ukrainalylaryň eli bilen öz meselelerini çözýärler. Bu ençeme asyrlap şular ýaly boldy we şu wagt hem bolýar. Ukrainanyň özi biz üçin duşman däl. Russiýany ýok etmek we strategik ýeňilişe sezewar etmek isleýänler Günbatarda" diýip belledi.

Günbataryň bu meseläni ýüze çykarandygyny we Ukrainanyň üsti bilen Russiýa garşy göreş alyp barýandygyny aýdan Putin: "Asyrlar boýy Russiýany ýok etmegi maksat edinýändiklerine garamazdan, olary has çalt ýok ederis. Meseläniň düýp manysy Ukraina däl, Russiýany Ukrainanyň eli bilen ýok etjek bolýanlardyr. Emma olar munyň hötdesinden çürt kesik gelip bilmezler" diýip aýtdy.

Putin çaknyşygy iň gysga wagtda Russiýanyň öňe sürjek şertleri esasynda bes etmek isleýändiklerini belläp: "Biz baky uruşmak niýetimiz ýok, emma pozisiýalarymyzy hem bermegi pikir etmeýäris" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Putin ertir kasam edip wezipesine başlar
Putin we Aliýew 22-nji aprelde Moskwada gepleşikleri geçirer
Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Putin mejbury harby gulluga almak baradaky kararnama gol çekdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Rus Goşunlary Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady