
Düýn Moskwada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýurda döwlet sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň resmi däl duşuşygy boldy. Ol dört ýarym sagada çekdi diýip, Interfax.ru habar berdi.
Duşuşykdan soň Putin HHR-niň Başlygyny ugratmak üçin köçä çykdy, olar Szinpiniň awtoulagynyň ýanynda gysga söhbetdeş boldular hem-de birek-birek bilen el gysyşyp hoşlaşdylar.
Şu gün, sişenbede iki ýurduň Liderleri doly düzümde gepleşikleri geçirerler.